Pikir däl, synlaýjy bol
Metakognisiýa gollanma
Näme üçin durmuşda şol bir ýagdaýlar gaýtalanýar?
Näme üçin sen hemme zady düşünýäň… ýöne şonda-da üýtgeşme bolmaýar?
Sebäbi mesele maglumat däl.
Mesele - seniň pikirleriň bilen özüňi deňeşdirmegiňdedir.
Metakognisiýa - bu pikirleriňi üýtgetmek däl.
Bu - pikirleriňi synlamak ukybydyr. Şol pursatdan başlap, dolandyrylýan däl-de, dolandyryjy bolýarsyň.
Bu kitap saňa:
- Öz pikir gurluşyňy tanadar
- Gaýtalanýan emosional pikirleriň sebäbini görkezer
- Aňasty programmalaryň nädip işleýändigini açyp berer
- Içki dialogyňy gözegçilik astyna almagy öwreder
- Synlaýjy pozisiýasyna geçmegiň anyk usullaryny berer
Bu ýerde boş motivasiýa ýok.
Bu ýerde real aň gurluşy bilen iş bar.
Eger sen hakykatdanam:
– Öz üstünde çuň işlemek isleýän bolsaň
– Içki dartgynlyklary azaltmak isleýän bolsaň
– Kararlaryňy has düşnükli we erkin ýagdaýda bermek isleýän bolsaň
– Öz aňyňy dolandyrmagy öwrenmek isleýän bolsaň
onda bu kitap seniň üçin ýazylan.
Sen pikirleriň däl.
Sen olary synlaýjy.
Indi saýlaw seniň elinde.